Ruhabat
Dokma Toplumy

Biz barada

Türkmenistanyň dokma senagaty ministrliginiň Ruhabat Dokma Toplumynyň egirme önümçiligi 2010-njy ýylda, dokma we boýag önümçiligi bolsa 2012-nji ýylda işe girizildi. Halkara derejede öňdebaryjy tilsimitlar ornaşdyrylan dokma toplumy 110 000 m2 meýdanda bina edilip, jemi 1200 adam zähmet çekýär. 

Ruhabat Dokma Toplumy ýurdumyzyň ähli künjeginde ýerleşýän pagta arassalaýjy desgalaryndan gelip gowuşan ýüplük we ak pagtadan egirme önümçiligini, dokma önümçiligini, boýama basgy önümçiligini amala aşyrýar.

Dokma toplumy häzirki ýagdaýda önümlerini Kanada, ABŞ-a, Russiýa Federasiýasyna, Şwesiýa, Angliýa, Germaniýa, Fransiýa, Türkiýä we Italiýa eksport edilýär. 

 


 

EGIRME ÖNÜMÇILIGI


Italiýanyň Marzoli we Savio firmalarynyň tilsimatlary bilen üpjün edilen Egirme önümçiligi bölümi ýylda 13041 tonna önümçilik kuwwatyna eýedir. 

Desgada Open-end nah ýüplüginiň Nm10/1 (Ne6/1) görnüşinden Nm51/1 (Ne30/1) görnüşine çenli, Ring nah ýüplüginiň Nm20/1 (Ne12/1) görnüşinden, Nm51/1 (Ne30/1)  görnüşine çenli ýüplükler öndürilýär. 

Inçelik we galyňlyk ýalňyşlyklaryny minimuma düşürmek maksatly öndürilen önümler labaratoriýada barlagdan geçirilýär. 

Öndürilýän ýüplük önümleriniň ýurdumuzyň içerki önümçiliginden artýan bölegi daşary ýurtlara eksport edilýär. 

Egirme önümçiligi desgasynda jemi 367 işgär zähmet çekýär.

Egirme önümçilik desgasynda öndürilýän harytlar

 


 

DOKMA ÖNÜMÇILIGI


Ruhabat dokma toplumynyň dokma önümçiliginde öndürilýän çig matalar dünýä tekstil bazarynda uly abraýa eýe. Dokma önümçilik bölümine Ýewropanyň Karl Mayer we Picanol firmalarynyň 144 sany dokma enjamlary ornaşdyrylan. 

Dokma önümçilik desgasynda ýylda 20,03 million m2 çig matanyň önümçiligi amala aşyrylýar. Öndüriliýän çig matalar gabardine, armour, ranforce, flannel, poplin, kreton, saten, panama materýallaryndan ybarat bolup, olar dürli agram görnüşlerinde ýurdumyzdaky boýama we basgy önümçiligini amala aşyrýan tekstil desgalaryna ugradylýar we belli bölegi eksport edilýär.

Dokma önümçiliginde 328 adam zähmet çekýär.

Dokma Önümçilik desgasynda öndürilýän harytlar

 


 

BOÝAMA BASGY ÖNÜMÇILIGI


Ýylda 40 million m2 taýýar mata önümçiligini amala aşyrýan desgada Monforst, Mario Crosta, Benninger, Reggiani firmalarynyň ýokary derejeli enjamlary gurnalan. 

Desgada nah ýüplikleriň boýalmagy bilen bir hatarda wiskon, flanel, kreton, ranfors nah matalarynyň boýalmagy amala aşyrylýar. Boýama Basgy önümçilik desgasynda ýokary derejeli dizaýnerler tarapyndan döwrüň talabyna laýyk gelýän bezegler döredilýär. Şeýle hem buýrujynyň islegine görä dizaýnleri matalara ýerleşdirmek mümkin.