Ruhabat
Dokma Toplumy

“Türkmenistanyň Senagat Pudaklarynyň Ösüşiniň Esasy Ugurlary” atly halkara sergi

17 Oktýabr, 2019 ý.

“Türkmenistan  Rowaçlygyň  Watany”  ýylynda   Hormatly   Prezidentimiziň  uly  goldawy  bilen  dokma  pudagy  uly  ösüşlere  eýedir. Watanymyzyň  ykdysady ösüşine Ruhabat Dokma Toplumynyň agzybir işgärleri hem yzygiderli öz goşandyny goşýarlar.Ýakynda, ýagny 2019-njy ýylyň 15-16-njy oktýabrynda “Türkmenistanyň Senagat Pudaklarynyň Ösüşiniň Esasy Ugurlary” atly halkara sergi we ylmy maslahaty geçirildi. Biziň Ruhabat Dokma Toplumymyz hem şol sergä gatnaşyp, öndürilýän dürli görnüşli matalaryň sergisini gurnap halkymyzyň hem-de daşary ýurtlardan gelen myhmanlarda uly gyzyklanma bilen garşylandy.